Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: |
| 2 |
| «Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde — ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan. |
| 3 |
| Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr. |
| 4 |
| Rebbiň sözüne gulak asyň, eý, Ýakup nesli, Ysraýylyň ähli kowumlary! |
| 5 |
| Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular. |
| 6 |
| Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar. |
| 7 |
| Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi. |
| 8 |
| Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler. |
| 9 |
| Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn. |
| 10 |
| Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň, Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň. Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar? |
| 11 |
| Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada. |
| 12 |
| Eý, gökler, muňa aňk-taňk boluň, gorkudan titreşiň. Muny Reb aýdýandyr. |
| 13 |
| Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: Akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar. |
| 14 |
| Ysraýyl gulmy näme? Ol dogabitdi hyzmatkärmi? Onda neçün ol olja boldy? |
| 15 |
| Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady. |
| 16 |
| Memfis we Tahpanhes halky pytratdy kelleçanagyňy. |
| 17 |
| Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary. |
| 18 |
| Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura? |
| 19 |
| Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. |
| 20 |
| Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. |
| 21 |
| Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna? |
| 22 |
| Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny, durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. |
| 23 |
| Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň. |
| 24 |
| Sen çöle öwrenişen, gyzgyn demi bilen şemala pyşgyran gulansyň. Esrän wagty ony kim saklap biler? Ýadamaz ony gözleýänleň hijisi, esrän wagty taparlar ony. |
| 25 |
| Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň. |
| 26 |
| Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek, ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da, ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da, pygamberleri-de utandylar. |
| 27 |
| Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler. |
| 28 |
| Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr. |
| 29 |
| Neçün siz Maňa şikaýat edýäňiz? Baryňyz Maňa garşy baş galdyrdyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 30 |
| Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy. |
| 31 |
| Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’? |
| 32 |
| Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy. |
| 33 |
| Sen oýnaşlaryňy gözläniňde, ýoluňy tapmaga nähili ussat! Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň. |
| 34 |
| Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan, |
| 35 |
| sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde, Rebbiň gahary sowuldy menden’. Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin, Men seniň üstüňden höküm çykararyn. |
| 36 |
| Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem. |
| 37 |
| Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem.“» |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/jeremiah/002.mp3
52
2