Hawa, seni düşnüksiz gepleýän, dili kyn we sözlerine düşünip bolmaýan beýleki köp milletleriň arasyna iberemok. Olara ibersedim, olar seni hökman diňlärdiler.
Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.
Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.
Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».
Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».