Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar.
Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin.
Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».