Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.
Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy.“
Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.
Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.
Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.
Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.