«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.
Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.
[10-12] Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, Baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.
Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.