Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar. |
| 2 |
| Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy — üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş. |
| 3 |
| Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek». |
| 4 |
| «Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar. |
| 5 |
| Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar. |
| 6 |
| Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin. |
| 7 |
| Olar Adam ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler. |
| 8 |
| Gilgat ýamanlaryň şäheri, gana boýalan aýak yzlaryndan doludyr. |
| 9 |
| Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar. |
| 10 |
| Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi. |
| 11 |
| Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda». |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/hosea/006.mp3
14
6