Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler. |
| 2 |
| Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir. |
| 3 |
| Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar. |
| 4 |
| Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl. |
| 5 |
| Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär. |
| 6 |
| Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar. |
| 7 |
| Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar. |
| 8 |
| Efraýym başga halklar bilen garyşýar. Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr. |
| 9 |
| Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär. |
| 10 |
| Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler. |
| 11 |
| Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär. |
| 12 |
| Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin. |
| 13 |
| Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar. |
| 14 |
| Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler. |
| 15 |
| Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim. Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler. |
| 16 |
| Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/hosea/007.mp3
14
7