Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| «Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar. |
| 2 |
| „Hudaýymyz, biz — Ysraýyl Seni tanaýarys“ diýip, Maňa perýat edýärler. |
| 3 |
| Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar. |
| 4 |
| Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar. |
| 5 |
| Eý, Samariýa, Men seniň göle — butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl? |
| 6 |
| Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar. |
| 7 |
| Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer. |
| 8 |
| Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy. |
| 9 |
| Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy. |
| 10 |
| Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar. |
| 11 |
| Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy. |
| 12 |
| Näçe köp kanunlar ýazsam, olar muny ýat zat hasap edýärler. |
| 13 |
| Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar. |
| 14 |
| Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/hosea/008.mp3
14
8