[1-2] Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär — garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdürýär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda — tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz — çydajak barmy?
Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.
Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
Rebbe girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»
Reb jogap berip, diýdi halkyna: Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.
Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine — onuň öňüni, günbatar deňzine — onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar.