Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.
Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna — ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.
Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.
Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.
Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun.
Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.