Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi. |
| 2 |
| Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler. |
| 3 |
| Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin, onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin». Muny Reb aýdýandyr. |
| 4 |
| Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar. |
| 5 |
| Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder». |
| 6 |
| Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar. |
| 7 |
| Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar. |
| 8 |
| Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler. |
| 9 |
| Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym. |
| 10 |
| Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim. |
| 11 |
| Ogullaryňyzdan pygamber çykardym, ýaş ýigitleriňizi nazyr belledim. Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!» Muny Men-Reb aýdýandyryn. |
| 12 |
| «Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz. |
| 13 |
| Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn. |
| 14 |
| Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez. |
| 15 |
| Ýaýçy ornunda berk durup bilmez, ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez, atly-da janyny halas edip bilmez. |
| 16 |
| Batyrlaryň iň batyry-da ol gün ýalaňaç gaçyp gider». Muny Reb aýdýandyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/amos/002.mp3
9
2