Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň: |
| 2 |
| «Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn. |
| 3 |
| Heý, belleşmezden iki adam bile ýola düşermi? |
| 4 |
| Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme? Hiç zat awlamadyk arslan süreninde hyrlarmy näme? |
| 5 |
| Ýerde duzak gurulmasa, guş duzaga düşermi? Içine bir zat düşmese, ýerden gapan göçermi? |
| 6 |
| Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi? |
| 7 |
| Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez. |
| 8 |
| Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?» |
| 9 |
| Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň». |
| 10 |
| «Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr. |
| 11 |
| Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar sizi güýç-kuwwatdan düşürip, galalaryňyzy talaňçylyga berer». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. |
| 12 |
| Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz». |
| 13 |
| Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik beriň, Gudratygüýçli Hudaý — Hökmürowan Reb şeýle diýýär: |
| 14 |
| «Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar. |
| 15 |
| Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn, pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin, beýik jaýlaryň soňuna çykaryn». Muny Reb aýdýandyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/amos/003.mp3
9
3