Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň. |
| 2 |
| Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler. |
| 3 |
| Her biriňiz garşyňyzdaky diwar gädikden çykarylyp, Hermona taşlanarsyňyz». Muny Reb aýdýandyr. |
| 4 |
| Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň. |
| 5 |
| Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. |
| 6 |
| Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 7 |
| Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym. |
| 8 |
| Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz, emma suwdan ganyp doýmadyňyz, şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 9 |
| Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 10 |
| Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 11 |
| Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. |
| 12 |
| Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl, saňa şeýle ederin. Saňa şuny etjekdigim üçin, Hudaýyňy garşylamaga taýýarlan, eý, Ysraýyl! |
| 13 |
| Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/amos/004.mp3
9
4