Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, ysraýyl halky, sen hakdaky aýtjak bu agy sözüme gulak as. |
| 2 |
| Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez. |
| 3 |
| Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bir şäherden Ysraýyl üçin söweşe çykan müň adamdan ýüz adam aman galar, beýleki birinden diňe ýüzden onusy aman galar». |
| 4 |
| Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz! |
| 5 |
| Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar». |
| 6 |
| Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz. |
| 7 |
| Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar! |
| 8 |
| Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir. |
| 9 |
| Ol güýçlüleri şol bada heläk eder, galalaryny-da weýran eder. |
| 10 |
| Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler. |
| 11 |
| Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz. |
| 12 |
| Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz. |
| 13 |
| Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr. |
| 14 |
| Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň, şonda siz ýaşarsyňyz. Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar. |
| 15 |
| Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder. |
| 16 |
| Hökmürowan Hudaý — Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary — ýas aýdymyny aýtmaga. |
| 17 |
| Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler, çünki siziň araňyzdan Men geçerin». Muny Reb aýdýandyr. |
| 18 |
| Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr. |
| 19 |
| Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir. |
| 20 |
| Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir? |
| 21 |
| Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn. |
| 22 |
| Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn. |
| 23 |
| Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin. |
| 24 |
| Goý, adalatlyk derýa kimin joşsun, dogruçyllyk baky çeşme ýaly aksyn. |
| 25 |
| Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi? |
| 26 |
| Siz patyşaňyz Sakudy we ýyldyz hudaýyňyz Kiýuny — özüňiz üçin ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz. |
| 27 |
| Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/amos/005.mp3
9
5