Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy. |
| 2 |
| Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!» |
| 3 |
| Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi. |
| 4 |
| Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady. |
| 5 |
| Onsoň men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!» |
| 6 |
| Reb muňa-da gaýtmyşym etdi. Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi. |
| 7 |
| Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy. |
| 8 |
| Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. |
| 9 |
| Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn». |
| 10 |
| Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez. |
| 11 |
| Amos şeýle diýdi: „Ýarobgam gylyçdan öler, Ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edip äkidilip çykarylar“». |
| 12 |
| Onsoň Amazýa Amosa şeýle diýdi: «Eý, görgür! Bar, Ýahuda ýurduna git-de, çörek puluňy şol ýerde gazan. Şol ýerde pygamberlik et. |
| 13 |
| Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr». |
| 14 |
| Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän. |
| 15 |
| Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi. |
| 16 |
| Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý. Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme, Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň. |
| 17 |
| Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/amos/007.mp3
9
7