Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.
Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar. Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.
Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.