Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men — Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men — Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men — Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men — Hökmürowan Rebdir.
Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men — Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar bu soraga: «Ýok» diýip jogap berdiler.
Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.
Onsoň Hagaý şeýle diýdi: «Reb: „Bu halk, bu millet hem Meniň nazarymda şeýledir“ diýýär. „Olaryň edýän ähli işleri-de şeýledir, şonuň üçin olaryň hödür edýän zatlarynyň hemmesi murdardyr.
nähili ýaşapdyňyz?! Biri ýigrimi batmanlyk harmany ýygnamaga gelende, ol on batman çykardy. Ol şeraply çelekden elli küýze şerap aljak bolanda, diňe ýigrimi küýze çykardy.
Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.
Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».
Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalardyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».
Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men — Hökmürowan Reb aýdýandyryn».