Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm. |
| 2 |
| Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň ininiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi. |
| 3 |
| Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy. |
| 4 |
| Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar. |
| 5 |
| Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi. |
| 6 |
| Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men — Reb aýdýandyryn. |
| 7 |
| Haýda, Babylda ýaşaýan Sion, gaç!» |
| 8 |
| Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir. |
| 9 |
| Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. |
| 10 |
| «Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr. |
| 11 |
| Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. |
| 12 |
| Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar. |
| 13 |
| Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär. |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/zechariah/002.mp3
14
2