Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy. |
| 2 |
| Reb Musa şeýle diýdi: |
| 3 |
| «Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber». |
| 4 |
| Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy. |
| 5 |
| Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa; |
| 6 |
| şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat; |
| 7 |
| ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep; |
| 8 |
| ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal; |
| 9 |
| efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa; |
| 10 |
| benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty; |
| 11 |
| zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel; |
| 12 |
| ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady; |
| 13 |
| dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel; |
| 14 |
| aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur; |
| 15 |
| naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby; |
| 16 |
| gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal. |
| 17 |
| Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi. |
| 18 |
| Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň. |
| 19 |
| Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk? |
| 20 |
| Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda? |
| 21 |
| Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi. |
| 22 |
| Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler. |
| 23 |
| Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) |
| 24 |
| Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar. |
| 25 |
| Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy. |
| 26 |
| Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. |
| 27 |
| Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. |
| 28 |
| Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden. |
| 29 |
| Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. |
| 30 |
| Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler». |
| 31 |
| Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi. |
| 32 |
| Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. |
| 33 |
| Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken. |
| 34 |
| Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/numbers/013.mp3
36
13