Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi. |
| 2 |
| Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy: |
| 3 |
| „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin. |
| 4 |
| Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse, |
| 5 |
| atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar. |
| 6 |
| Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar. |
| 7 |
| Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa, |
| 8 |
| äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar. |
| 9 |
| Emma äri bu zatlary eşidip oňlamasa, onda aýalynyň eden wadasyny ýa-da oýlanman içen kasamyny ret eder we Reb berjaý etmedik kasamy üçin bu aýaly bagyşlar. |
| 10 |
| Emma dul aýalyň ýa-da äri bilen aýrylyşan aýalyň eden wadasy, özüni saklamaga içen kasamy berjaý edilmelidir. |
| 11 |
| Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa, |
| 12 |
| äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar. |
| 13 |
| Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar. |
| 14 |
| Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler. |
| 15 |
| Emma äri aýalynyň eden wadasyny ýa-da içen kasamyny eşidip, şol günüň özünde oňa garşy çykmadyk bolsa, onda aýalynyň eden wadasydyr kasamyny äri oňlan hasap ediler. Çünki äri olara garşy aýalyna hiç zat diýmändi. |
| 16 |
| Ýöne äri olary eşiden badyna hiç zat diýmän, ony biraz wagtdan soň ret etse, onda aýalynyň günäleri äriniň boýnunadyr“». |
| 17 |
| Är-aýalyň we entek atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen atasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda Rebbiň Musa buýran düzgünleri şulardan ybaratdyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/numbers/030.mp3
36
30