Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde, |
| 2 |
| gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler: |
| 3 |
| «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly |
| 4 |
| Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar». |
| 5 |
| Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň». |
| 6 |
| Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy? |
| 7 |
| Näme sebäpden Rebbiň özlerine beren ýurduna gitmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz? |
| 8 |
| Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler. |
| 9 |
| Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar. |
| 10 |
| Ol gün Rebbiň gahary geldi we Ol ant içip, şeýle diýdi: |
| 11 |
| „Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar. |
| 12 |
| Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“. |
| 13 |
| Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi. |
| 14 |
| Ine, indi bolsa siz — günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz! |
| 15 |
| Eger siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towlasaňyz, Ol bütin halky ýene-de çölüň içinde ýeke taşlar. Siz hem halkyň ölümine sebäp bolarsyňyz». |
| 16 |
| Onsoň rubenler bilen gatlar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz bu ýerde dowar sürülerimiz üçin agyllar we çagalarymyz üçin galalar gurjak. |
| 17 |
| Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar. |
| 18 |
| Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys. |
| 19 |
| Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi». |
| 20 |
| Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz, |
| 21 |
| Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz |
| 22 |
| we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar. |
| 23 |
| Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz. |
| 24 |
| Çagalaryňyz üçin galalar, sürüleriňiz üçin agyllar guruň, ýöne beren wadaňyzy berjaý ediň». |
| 25 |
| Onsoň gatlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agamyz näme buýursa, biz gullaryň berjaý ederis. |
| 26 |
| Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar. |
| 27 |
| Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys». |
| 28 |
| Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi: |
| 29 |
| «Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň. |
| 30 |
| Emma olar gaýduwsyz esgerler hökmünde siziň bilen derýadan geçmeseler, onda siziň araňyzda Kengan topragyndan mülk alarlar». |
| 31 |
| Gatlar bilen rubenler şeýle jogap berdiler: «Reb seniň gullaryňa näme buýursa, biz şony-da berjaý ederis. |
| 32 |
| Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun». |
| 33 |
| Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi. |
| 34 |
| Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger, |
| 35 |
| Atrotşopan, Ýazer, Ýogboha, |
| 36 |
| Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular. |
| 37 |
| Rubenler bolsa Heşbon, Elgala, Kirýataýym, |
| 38 |
| Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar. |
| 39 |
| Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri gidip, Gilgady basyp aldylar we ol ýerden amorlary kowdular. |
| 40 |
| Musa Gilgady Manaşanyň ogly Makyryň nesillerine berdi. Olar ol ýerde mesgen tutdular. |
| 41 |
| Manaşanyň ogly Ýaýyr gidip, olaryň obalaryny basyp aldy we olaryň adyna Hawotýaýyr goýdy. |
| 42 |
| Noba gidip, Kenaty we onuň töweregindäki obalary basyp alyp, ol ýere Noba diýip, öz adyny dakdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/numbers/032.mp3
36
32