Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bu kitap Ybraýymyň ogly bolan Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejere kitabydyr. |
| 2 |
| Ybraýym Yshagyň atasydy. Yshak Ýakubyň atasydy. Ýakup Iuda we onuň doganlarynyň atasydy. |
| 3 |
| Iuda Tamaradan doglan Peresiň we Zerahyň atasydy. Peres Hesronyň atasydy. Hesron Ramyň atasydy. |
| 4 |
| Ram Aminadabyň atasydy. Aminadap Nahşonyň atasydy. Nahşon Salmonyň atasydy. |
| 5 |
| Salmon Rahawdan doglan Boazyň atasydy. Boaz Rutdan doglan Obediň atasydy. Obed Ýessäniň atasydy. |
| 6 |
| Ýesse Dawut patyşanyň atasydy. Dawut Uriýanyň aýalyndan bolan Süleýmanyň atasydy. |
| 7 |
| Süleýman Rehawamyň atasydy. Rehawam Abiýanyň atasydy. Abiýa Asanyň atasydy. |
| 8 |
| Asa Ýehoşafatyň atasydy. Ýehoşafat Ýoramyň atasydy. Ýoram Uziýanyň atasydy. |
| 9 |
| Uziýa Ýotamyň atasydy. Ýotam Ahazyň atasydy. Ahaz Hizkiýanyň atasydy. |
| 10 |
| Hizkiýa Manaşäniň atasydy. Manaşe Amonyň atasydy. Amon Ýoşiýanyň atasydy. |
| 11 |
| Ýoşiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. |
| 12 |
| Ýehoniýa Babyl sürgüninden soň doglan Şealtiýeliň atasydy. Şealtiýel Zerubabeliň atasydy. |
| 13 |
| Zerubabel Abihudyň atasydy. Abihud Elýakimiň atasydy. Elýakim Azoryň atasydy. |
| 14 |
| Azor Sadokyň atasydy. Sadok Ahimiň atasydy. Ahim Elihudyň atasydy. |
| 15 |
| Elihud Eliýazaryň atasydy. Eliýazar Mattanyň atasydy. Mattan Ýakubyň atasydy. |
| 16 |
| Ýakup Meremiň adamsy Ýusubyň atasydy. Meremden hem Mesih diýlen Isa doguldy. |
| 17 |
| Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr. |
| 18 |
| Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Meremiň Ýusup bilen adaglyka, biri-birleri bilen ýassykdaş bolmazlaryndan öň, Mukaddes Ruhdan göwreli bolanlygy äşgär boldy. |
| 19 |
| Onuň adamsy Ýusup bir dogry adam bolansoň, ony utanja goýmak islemän, ýaşyrynlyk bilen boşatmagy ýüregine düwdi. |
| 20 |
| Emma ol bu zatlar hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Meremi özüňe aýallyga almakdan gorkma, çünki onuň göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. |
| 21 |
| Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. |
| 22 |
| Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň ýerine ýetmegi üçin boldy: |
| 23 |
| «Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ― «Hudaý biziň bilendir» diýen manyny berýär. |
| 24 |
| Ýusup ukudan oýananyndan soň, Rebbiň perişdesiniň tabşyryşy ýaly, aýalyny aldy. |
| 25 |
| Aýaly ilkinji ogluny dogurýança, onuň ýanynda ýatmady, çaganyň adyna bolsa Isa dakdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/001.mp3
28
1