Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi. |
| 2 |
| On iki resulyň atlary şular: birinjisi Petrus diýlen Simun we dogany Andreas, Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa, |
| 3 |
| Filipus, Bartolomeus, Tomas we salgytçy Matta, Alfeusyň ogly Ýakup we Taddeus lakamly Lebbeus, |
| 4 |
| Watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot. |
| 5 |
| Isa bu Onkileri ýollap, olara şeýle buýruk berdi: «Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman, |
| 6 |
| Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň. |
| 7 |
| Barýarkaňyz Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň. |
| 8 |
| Syrkawlary sagaldyň, heýwere kesellileri tämiz ediň, ölüleri direldiň, jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň. |
| 9 |
| Guşagyňyzda ne altyn, ne kümüş, ne-de mis saklaň. |
| 10 |
| Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyň. Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr. |
| 11 |
| Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň-de, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň. |
| 12 |
| Bir öýe gireniňizde, şol öýe salam beriň. |
| 13 |
| Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamyňyz özüňize döner. |
| 14 |
| Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa şäherden çykyp barýarkaňyz aýaklaryňyzyň tozanyny kakyň. |
| 15 |
| Size dogrusyny aýdýaryn, magşar güni Sodom we Gomorra şäherleriniň ýagdaýy ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil bolar». |
| 16 |
| Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar ýaly ýollaýaryn, şonuň üçin ýylanlar ýaly akylly, kepderi ýaly sada boluň. |
| 17 |
| Adamlardan ägä boluň, çünki olar sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarynda ýenjerler. |
| 18 |
| Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz. |
| 19 |
| Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. |
| 20 |
| Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr. |
| 21 |
| Dogan dogany, ata çagasyny ölüme tabşyrar, çagalar hem ata-enelerine baş göterip, olary öldürderler. |
| 22 |
| Meniň adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. |
| 23 |
| Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine asla aýlanyp bilmersiňiz. |
| 24 |
| Şägirt öz mugallymyndan, gul öz agasyndan ýokary däldir. |
| 25 |
| Şägirde öz mugallymy ýaly, gula öz agasy ýaly bolmak ýeterlikdir. Öý eýesine Beýelzebul diýen bolsalar, onuň içerisindäkilere ondan hem beter diýerler». |
| 26 |
| Şonuň üçin olardan gorkmaň. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. |
| 27 |
| Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza çakylan çawuşy tamlaryň üstünden yglan ediň. |
| 28 |
| Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem, dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkuň. |
| 29 |
| Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. |
| 30 |
| Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. |
| 31 |
| Munuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz. |
| 32 |
| Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. |
| 33 |
| Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederin». |
| 34 |
| Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. |
| 35 |
| Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim. |
| 36 |
| Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar. |
| 37 |
| Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. |
| 38 |
| Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. |
| 39 |
| Janyny goran ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. |
| 40 |
| Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder. |
| 41 |
| Kim bir pygamberi pygamberligi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar. |
| 42 |
| Kim şu kiçileriň birine şägirtligi üçin, içmäge diňe bir käse sowuk suw berse hem, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/010.mp3
28
10