Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip bolanyndan soň, ol ýerden olaryň şäherlerine sapak bermäge, wagyz etmäge gitdi. |
| 2 |
| Ýahýa hem Mesihiň işlerini zyndanda eşidip, şägirtlerini iberdi. |
| 3 |
| «Sen şol geljek Mesihmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, olara soratdy. |
| 4 |
| Isa şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. |
| 5 |
| Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. |
| 6 |
| Men sebäpli büdremedik bagtlydyr». |
| 7 |
| Olar gidende, Isa Ýahýa hakda halaýyga gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy? |
| 8 |
| Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir. |
| 9 |
| Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn, ol pygamberden hem artykdyr. |
| 10 |
| Ol hakda: „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin, ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar\ diýip ýazylan şoldur. |
| 11 |
| Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr. |
| 12 |
| Çokundyryjy Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Patyşalygy güýç-gaýrat bilen gazanylýar, ony güýç-gaýratlylar ele salýarlar. |
| 13 |
| Bütin pygamberler we kanun Ýahýa çenli welilik etdi. |
| 14 |
| Ony kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur. |
| 15 |
| Gulagy barlar eşitsin! |
| 16 |
| Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: |
| 17 |
| „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy etdik, aglamadyňyz\ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. |
| 18 |
| Çünki Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa, onuň jyny bar diýýärler. |
| 19 |
| Ynsan Ogly geldi, hem iýýär, hem içýär we olar: „Ine, horan, arakhor, salgytçy we günäkärleriň dosty\ diýýärler. Ýöne akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar». |
| 20 |
| Onsoň, Isa mugjyzalarynyň köp ýüze çykan şäherlerine käýemäge durdy, çünki olar toba etmändiler. |
| 21 |
| Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Beýtsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Sur we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda, olar eýýäm jul hem külüň içinde toba ederdiler. |
| 22 |
| Men size diýýärin, magşar güni Sur we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar. |
| 23 |
| Eý, arşa göterilen Kapernaum! Sen dowzaha çenli aşak taşlanarsyň, çünki sende ýüze çykan mugjyzalar Sodomda ýüze çykan bolsady, onda ol şu güne çenli galardy. |
| 24 |
| Saňa diýýärin, magşar güni Sodomyň ýagdaýy seniň ýagdaýyňdan has ýeňil bolar». |
| 25 |
| Şol wagt Isa sözüni dowam edip diýdi: «Saňa şükür edýärin, eý, Ýeriň-Gögüň Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, şu kiçijik çagalara aýan etdiň. |
| 26 |
| Hawa, eý Atam, Seniň islegiň şeýledi. |
| 27 |
| Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. |
| 28 |
| Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. |
| 29 |
| Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. |
| 30 |
| Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/011.mp3
28
11