Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şol wagt Isanyň owazasy tetrarh Hirodesiň gulagyna ýetdi. |
| 2 |
| Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi şeýledir» diýdi. |
| 3 |
| Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi. |
| 4 |
| Çünki Ýahýa Hirodese: «Seniň ony almagyň dogry däl» diýipdi. |
| 5 |
| Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy. |
| 6 |
| Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyň gyzy ortada tans edip, Hirodesiň göwnüni çaglady. |
| 7 |
| Şoňa görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi. |
| 8 |
| Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, şu ýerde maňa ber» diýdi. |
| 9 |
| Patyşa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa berilmegini buýurdy. |
| 10 |
| Adam iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdirdi. |
| 11 |
| Onuň başy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi. |
| 12 |
| Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onsoň baryp, Isa habar berdiler. |
| 13 |
| Isa muny eşidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny eşidip, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdiler. |
| 14 |
| Ol gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy. |
| 15 |
| Agşam düşende şägirtler Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. |
| 16 |
| Emma Isa olara: «Olara gitmegiň geregi ýok, siz iýmäge zat beriň» diýdi. |
| 17 |
| Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler. |
| 18 |
| Ol hem: «Olary şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi. |
| 19 |
| Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy buýurdy. Bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar. |
| 20 |
| Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. |
| 21 |
| Iýenler aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy. |
| 22 |
| Märekäni ugradyp durka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmegi buýurdy. |
| 23 |
| Märekäni ugradanyndan soň, Onuň ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agşam düşende hem şol ýerde ýekedi. |
| 24 |
| Gaýyk bolsa şol wagt kölüň ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zyňylýardy. |
| 25 |
| Gijäniň dördünji nobatynda Isa kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi. |
| 26 |
| Emma şägirtler Onuň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýşip aljyradylar, gorkudan ýaňa gygyryşdylar. |
| 27 |
| Emma Isa derrew: «Batyr boluň, bu Men, gorkmaň» diýip, olara söz gatdy. |
| 28 |
| Petrus Oňa jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýdi. |
| 29 |
| Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzi bilen ýöremäge başlady. |
| 30 |
| Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, ýaňy gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy. |
| 31 |
| Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. |
| 32 |
| Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy. |
| 33 |
| Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler. |
| 34 |
| Olar deňziň aňyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar. |
| 35 |
| Ol ýeriň adamlary Isany tanap, tutuş şol töwereklere adam iberip, syrkawlaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler. |
| 36 |
| Olar diňe geýiminiň syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Oňa ýalbardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/014.mp3
28
14