„Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr\».
Müneçjimler ugranlaryndan soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç, saňa aýdýançam şol ýerde gal, çünki Hirodes çagany öldürmek üçin Ony agtarjak bolup ýör» diýdi.
Müneçjimleriň aldanyny bilensoň, Hirodes gaty gaharlanyp, Beýtullahama we onuň etrabyndaky ähli obalara adam iberdi-de, müneçjimlerden sorap anyklan wagtynda bolan oglanlaryň iki ýaşlysyna çenli hemmesini öldürtdi.
Ýöne Arhelasyň öz atasy Hirodesiň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy, düýş bilen duýduryş berlensoň bolsa, Jelile etraplaryna ýola düşdi.