Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler.
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögüň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz.
„Biriniň ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyň gyzylyndan ant içse, öz antyna daňylgy bolar\ diýýän kör ýol görkezijiler, waý günüňize!
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taşlamaly däldiňiz.
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly.
Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz.
Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz.
Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz.
Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz.