Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar. |
| 2 |
| Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken. |
| 3 |
| Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar. |
| 4 |
| Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler. |
| 5 |
| Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar. |
| 6 |
| Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!\ diýen batly ses eşidilýär. |
| 7 |
| Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar. |
| 8 |
| Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagyňyzdan biraz beriň, çyralarymyz sönüp barýar\ diýýärler. |
| 9 |
| Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryň-da, özüňiz üçin alaýyň\ diýýärler. |
| 10 |
| Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar. |
| 11 |
| Beýleki gyzlar hem soň gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç\ diýýärler. |
| 12 |
| Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok\ diýýär. |
| 13 |
| Şeýlelik bilen, oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz». |
| 14 |
| Gögüň Patyşalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyran adam ýalydyr. |
| 15 |
| Bu adam her haýsynyň başarnygyna laýyk: birine ― bäş, birine ― iki, birine ― bir talant berip, derrew ýola düşýär. |
| 16 |
| Bäş talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişýär, ýene bäş talant gazanýar. |
| 17 |
| Iki talant alan-da şonuň ýaly, ýene iki talant gazanýar. |
| 18 |
| Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyň puluny gizleýär. |
| 19 |
| Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar. |
| 20 |
| Bäş talant alan gelip, ýene bäş talant getirip: „Eý aga! Sen maňa bäş talant beripdiň, ine, men ýene bäş talant gazandym\ diýýär. |
| 21 |
| Agasy oňa: „Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol\ diýýär. |
| 22 |
| Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen maňa iki talant beripdiň, ine, men ýene iki talant gazandym\ diýýär. |
| 23 |
| Agasy oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men seni köp zatlara bellärin, agaň şatlygyna şärik bol\ diýýär. |
| 24 |
| Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men seniň gaty adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň. |
| 25 |
| Şonuň üçin gorkdum, gidip, talantyňy toprakda gizledim, ine, puluňy al!\ diýýär. |
| 26 |
| Emma agasy oňa şeýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? |
| 27 |
| Onda, pulumy pul işledýänlere bermelidiň, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym. |
| 28 |
| Indi bir talanty ondan alyň-da, on talantla beriň. |
| 29 |
| Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. |
| 30 |
| Peýdasyz hyzmatkäri daşaryk garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar\». |
| 31 |
| Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. |
| 32 |
| Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. |
| 33 |
| Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. |
| 34 |
| Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly beri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. |
| 35 |
| Çünki açdym ― iýmäge zat berdiňiz, teşnedim ― suw berdiňiz, ýatdym ― myhman aldyňyz, |
| 36 |
| ýalaňaçdym ― geýindirdiňiz, syrkawdym ― idetdiňiz, zyndandadym ― görmäge geldiňiz\. |
| 37 |
| Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan teşne görüp, suw berdik? |
| 38 |
| Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp geýindirdik? |
| 39 |
| Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?\ |
| 40 |
| Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz\. |
| 41 |
| Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň. |
| 42 |
| Çünki açdym ― iýmäge zat bermediňiz, teşnedim ― suw bermediňiz, |
| 43 |
| ýatdym ― myhman almadyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirmediňiz, syrkawdym we zyndandadym ― ýanyma gelmediňiz\. |
| 44 |
| Şonda olar şeýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, ýat, ýalaňaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?\ |
| 45 |
| Şonda olara şeýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu iň kiçilerden birine etmedigiňizi, Maňa eden dälsiňiz\. |
| 46 |
| Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/025.mp3
28
25