Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Ertir irden ähli baş ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek üçin maslahat geçirdiler. |
| 2 |
| Ony baglap, eltip, häkim Pontius Pilatusa tabşyrdylar. |
| 3 |
| Onsoň Oňa haýynlyk eden Iuda Isanyň höküm edilenini görüp ökündi, otuz bölek kümşi yzyna ― baş ruhanylara, ýaşululara getirip, |
| 4 |
| «Men ýazyksyz gana haýynlyk edip günä etdim» diýdi. Olar-da: «Bu bize näme, özüň bilýärsiň» diýdiler. |
| 5 |
| Iuda kümüşleri ybadathana zyňdy-da, çykyp gitdi, baryp hem, özüni dardan asdy. |
| 6 |
| Baş ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Hun bolany üçin, bulary ybadathananyň hazynasynda goýmak bolmaz» diýdiler. |
| 7 |
| Şeýlelikde, maslahat geçirip, ýatlara gonamçylyk etmek üçin, ol pul bilen küýzegäriň ýerini satyn aldylar. |
| 8 |
| Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan ýeri» diýilýär. |
| 9 |
| Şonda Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan bu söz ýerine ýetdi: |
| 10 |
| «Ysraýyl ogullarynyň ol Baha Kesilene kesen bahasyny, ýagny otuz bölek kümşi alyp, Hudaýyň maňa buýruşy ýaly, küýzegäriň ýeri üçin berdiler». |
| 11 |
| Isa häkimiň öňünde durdy. Häkim Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi. |
| 12 |
| Ýöne baş ruhanylar, ýaşulular Ony aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi. |
| 13 |
| Onsoň Pilatus Oňa: «Saňa garşy, gör, näçe güwälik berilýär, eşitmeýärsiňmi?» diýdi. |
| 14 |
| Isa onuň ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy. |
| 15 |
| Pesah baýramynda halkyň dilän bir tussagyny boşatmagy häkim adat edinipdi. |
| 16 |
| Şol wagtlar Barabbas atly bir belli tussag bardy. |
| 17 |
| Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilatus olara: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýdi. |
| 18 |
| Çünki ol Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. |
| 19 |
| Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry Adam bilen seniň işiň bolmasyn, çünki men şu gün düýşümde Ol zerarly köp ezetler çekdim» diýip, habar ýollapdy. |
| 20 |
| Baş ruhanylar, ýaşulular Barabbasyň boşadylmagyny we Isanyň öldürilmegini islesinler diýip, halky yrdylar. |
| 21 |
| Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden haýsynyň boşadylmagyny isleýärsiňiz?» diýdi. Olar hem: «Barabbasy» diýdiler. |
| 22 |
| Pilatus olara: «Onda, men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýdi. Olaryň hemmesi: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. |
| 23 |
| Häkim: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma olar: «Ol haça çüýlensin!» diýip, has beter gygyryşdylar. |
| 24 |
| Pilatus gep peýda bermän, gaýtam, galmagalyň barha artýandygyny görüp, suw aldy-da, märekäniň öňünde elini ýuwup: «Bu dogry Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüňiz bilýärsiňiz» diýdi. |
| 25 |
| Hemme halaýyk hem jogap berip: «Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!» diýdiler. |
| 26 |
| Şonda Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi. |
| 27 |
| Onsoň häkimiň esgerleri Isany hökümet köşgüne äkitdiler-de, bütin goşun bölümini Onuň daşyna üýşürdiler. |
| 28 |
| Egin-eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. |
| 29 |
| Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline bir gamyş berdiler. Öňünde dyza çöküp: «Salam, eý ýehudylar patyşasy» diýip, Ony masgaraladylar. |
| 30 |
| Onuň üstüne tüýkürdiler, gamşy alyp, başyna urdular. |
| 31 |
| Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler. |
| 32 |
| Daşaryk çykanlarynda, Simun atly kireneli bir adama sataşdylar. Olar bu adamy Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. |
| 33 |
| Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere gelenlerinde, |
| 34 |
| Oňa içirjek bolup, öt gatylan şerap berdiler, ýöne Isa dadanyndan soň, ony içmek islemedi. |
| 35 |
| Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. |
| 36 |
| Onsoň ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler. |
| 37 |
| Depesinde bolsa: «BU ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny goýdular. |
| 38 |
| Onuň bilen bile iki garakçy haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. |
| 39 |
| Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp: |
| 40 |
| «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in!» diýişýärdiler. |
| 41 |
| Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da kanunçylar we ýaşulular bilen Ony masgaralap, şeýle diýişýärdiler: |
| 42 |
| Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli. |
| 43 |
| Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn\ diýýärdi». |
| 44 |
| Onuň bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa edil şonuň ýaly sögýärdiler. |
| 45 |
| Günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi. |
| 46 |
| Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. |
| 47 |
| Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Bu Adam Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. |
| 48 |
| Olaryň biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy. |
| 49 |
| Beýlekiler-de: «Duruň, göreliň, Ylýas Ony halas etmäge gelýärmi?» diýişdiler. |
| 50 |
| Isa ýene gaty ses bilen gygyryp jan berdi. |
| 51 |
| Ine, ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. |
| 52 |
| Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddesleriň jesedi direldi. |
| 53 |
| Olar mazarlardan çykyp, Isanyň direlmeginden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. |
| 54 |
| Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular. |
| 55 |
| Isa hyzmat edip, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen bir topar aýallar-da ol ýerdediler we uzakdan seredişip durdular. |
| 56 |
| Magdalaly Merem, Ýakupdyr Ýusubyň ejesi Merem we Zebedeý ogullarynyň ejesi olaryň arasyndady. |
| 57 |
| Agşam bolanda, Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi, onuň özi-de Isanyň şägirtlerindendi. |
| 58 |
| Ol Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilatus jesediň oňa berilmegini buýurdy. |
| 59 |
| Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap, |
| 60 |
| gaýanyň içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryň agzyna bolsa bir uly daşy togalady-da, gitdi. |
| 61 |
| Magdalaly Merem bilen beýleki Merem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar. |
| 62 |
| Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününden soňraky gün baş ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna ýygnanyşyp, |
| 63 |
| şeýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin\ diýeni biziň ýadymyzda. |
| 64 |
| Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi\ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar». |
| 65 |
| Pilatus olara: «Siziň garawullaryňyz bar, gidiň-de, mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýdi. |
| 66 |
| Olar hem baryp, daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/matthew/027.mp3
28
27