Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler\».
Ol Jelile kölüniň ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyň ― Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyň deňze torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar.
Isa ol ýerden öňräk gidensoň, başga bir iki doganyň ― Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýanyň öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy.
Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi.
Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.