Şonuň üçin, sadaka bereniňde ikiýüzli adamlaryň il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edişi ýaly, öňüňde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
Oraza tutanyňyzda ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi çytmaň, çünki olar adamlara oraza tutýanyny görkezjek bolup, ýüzlerini çytýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
[17-18] Emma sen oraza tutanyňda adamlara däl-de, gizlinlikdäki Ataňa oraza tutýanyňy görkezer ýaly, başyňa ýag çal, ýüzüňi ýuw. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer».
Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir?
Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz?