Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| [1-2] «Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. |
| 2 |
| 3 |
| Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? |
| 4 |
| Nädip sen öz gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? |
| 5 |
| Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň. |
| 6 |
| Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar. |
| 7 |
| Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. |
| 8 |
| Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. |
| 9 |
| Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer? |
| 10 |
| Ýa-da balyk dilände, ýylan berer? |
| 11 |
| Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? |
| 12 |
| Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär. |
| 13 |
| Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. |
| 14 |
| Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr. |
| 15 |
| Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir. |
| 16 |
| Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy? |
| 17 |
| Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. |
| 18 |
| Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. |
| 19 |
| Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. |
| 20 |
| Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. |
| 21 |
| Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. |
| 22 |
| Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. |
| 23 |
| Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn. |
| 24 |
| Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. |
| 25 |
| Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. |
| 26 |
| Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr. |
| 27 |
| Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy». |
| 28 |
| Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, |
| 29 |
| sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/matthew/007.mp3
28
7