Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy.
Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady.
Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da,
şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur.
Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap,
Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi.
Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy.