Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler.
Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi.
Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar.
Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler.
Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi».