Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar.
[6-7] Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy.
Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler.
Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.
Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady.
Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.
Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi.