Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň ýurduna geldiler. |
| 2 |
| Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi. |
| 3 |
| Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi. |
| 4 |
| Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. |
| 5 |
| Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi. |
| 6 |
| Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi. |
| 7 |
| Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. |
| 8 |
| Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi. |
| 9 |
| Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi. |
| 10 |
| Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar. |
| 11 |
| Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. |
| 12 |
| Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler. |
| 13 |
| Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. |
| 14 |
| Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi. |
| 15 |
| Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. |
| 16 |
| Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler. |
| 17 |
| Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady. |
| 18 |
| Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. |
| 19 |
| Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi. |
| 20 |
| Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy. |
| 21 |
| Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly mähelle üýşdi. Isa kölüň kenaryndady. |
| 22 |
| Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. |
| 23 |
| Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi. |
| 24 |
| Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. |
| 25 |
| Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy. |
| 26 |
| Ol köp ejir çekip, ençeme lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi. |
| 27 |
| Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi. |
| 28 |
| Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy. |
| 29 |
| Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. |
| 30 |
| Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady. |
| 31 |
| Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini degirdi?“ diýip soraýarsyň?» diýdiler. |
| 32 |
| Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi. |
| 33 |
| Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi. |
| 34 |
| Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. |
| 35 |
| Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi. |
| 36 |
| Isa muny eşiden badyna, sinagoga baştutanyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi. |
| 37 |
| Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. |
| 38 |
| Sinagoga baştutanynyň öýüne gelenlerinde, Isa başagaýlygy, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. |
| 39 |
| Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi. |
| 40 |
| Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy. |
| 41 |
| Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir. |
| 42 |
| Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy. |
| 43 |
| Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/mark/005.mp3
16
5