Sabat güni gelende, sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onuň aýdýanlaryny eşiden köp adamlar geňirgenişip: «Bu Adam bu zatlary nireden aldy? Muňa berlen bu akyldarlyk näme? Beýle mugjyzalary nähili edýärkä? diýdiler.
Bu agaç ussasy dälmi? Bu Meremiň ogly, Ýakup, Ioses, Iuda we Simunyň dogany dälmi? Munuň aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi?» Şeýlelikde, öýke-kine bilen Ony ret etdiler.
Hirodes patyşa-da bolup-geçýän zatlary eşitdi. Çünki Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Hirodes hem: «Çokundyryjy Ýahýa ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi budur» diýýärdi.
[17-18] Çünki Hirodesiň özi adam iberip Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, ony zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýanyň hatyrasyna edipdi. Çünki Hirodes bu aýala öýlenende, Ýahýa oňa: «Seniň öz doganyňyň aýalyny almagyň dogry däl» diýipdi.
Çünki Hirodes Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder ederdi, ony gorardy. Ony diňledigiçe, howsala düşerdi, muňa garamazdan, guwanç bilen Ony diňlärdi.
Ýöne welin Hirodes öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň uly adamlaryny çagyryp, toý tutanda, amatly pursat hem gelip ýetdi.
Isa olara: «Siziň ýeke özüňiz bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi. Çünki gelip-gidýänleriň köpdüginden ýaňa, nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi.
Gidip barýanlaryny görenlerinde, köp adamlar olary tanap, bütin şäherlerden paý-pyýada ylgaşyp, olaryň özlerinden öň ol ýere bardylar we Isanyň öňünden çykdylar.
Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, märekäniň öňünde goýar ýaly, bölüşdirip şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.
Isa olaryň kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi. Çünki ýel olaryň garşysyndandy. Gijäniň dördünji nobaty uçurlarynda kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.
Oba bolsun, şäher ýa düz bolsun, Ol nirä barsa, syrkawlary bazar ýerinde ýatyryp, diňe geýiminiň syýnlaryna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy.