Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Isa ol ýeri taşlap, Öz dogduk mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler. |
| 2 |
| Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? |
| 3 |
| Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular. |
| 4 |
| Onsoň Isa olara: «Pygamberiň diňe öz dogduk ýurdunda, garyndaşlarynyň arasynda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. |
| 5 |
| Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi. |
| 6 |
| Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi. |
| 7 |
| Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi. |
| 8 |
| Olara şeýle buýruk berdi: «Ýol üçin ýanyňyza hasadan başga hiç zat almaň. Ne çörek, ne torba, ne-de guşagyňyzda pul — hiç zat bolmasyn. |
| 9 |
| Aýagyňyza çaryk geýiň, egniňize artykmaç eşik almaň». |
| 10 |
| Isa ýene olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz şol öýde boluň. |
| 11 |
| Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi. |
| 12 |
| Şunluk bilen, olar ýola düşdüler we ähli adamlary toba çagyryp, wagyz etmäge başladylar. |
| 13 |
| Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler. |
| 14 |
| Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler. |
| 15 |
| Beýlekiler bolsa: «Bu — Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. |
| 16 |
| Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi. |
| 17 |
| [17-18] Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy. |
| 18 |
| 19 |
| Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. |
| 20 |
| Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi. |
| 21 |
| Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy. |
| 22 |
| Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi. |
| 23 |
| Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi. |
| 24 |
| Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi. |
| 25 |
| Gyz dessine patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Ýahýa çümdürijiniň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi. |
| 26 |
| Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi. |
| 27 |
| Dessine bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdy. |
| 28 |
| Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. |
| 29 |
| Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip, onuň jesedini äkitdiler we ony bir mazarda jaýladylar. |
| 30 |
| Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler. |
| 31 |
| Isa olara: «Geliň, ýeke özümiz bir çola ýere gidip, biraz dem-dynç alalyň» diýdi. Gelip-gidýänleriň köplüginden ýaňa, olaryň nahar edinmäge-de elleri degmeýärdi. |
| 32 |
| Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler. |
| 33 |
| Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar. |
| 34 |
| Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady. |
| 35 |
| Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. |
| 36 |
| Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. |
| 37 |
| Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. |
| 38 |
| Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. |
| 39 |
| Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. |
| 40 |
| Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. |
| 41 |
| Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. |
| 42 |
| Hemmeler iýip doýdular. |
| 43 |
| Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. |
| 44 |
| Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy. |
| 45 |
| Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy. |
| 46 |
| Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy. |
| 47 |
| Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasyndady, Isanyň bolsa ýeke Özi kenardady. |
| 48 |
| Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy. |
| 49 |
| Emma olar Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine arwah görünýändir öýdüp gygyryşdylar. |
| 50 |
| Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu — Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi. |
| 51 |
| Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip haýran galdylar. |
| 52 |
| Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy. |
| 53 |
| Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler we ol ýerde gaýygy bagladylar. |
| 54 |
| Gaýykdan düşen batlaryna halk Isany tanady. |
| 55 |
| Adamlar ylgaşyp, şol töwerekdäki ýerlere boýdan-başa aýlandylar we hassalaryny düşekleri bilen Isanyň ýanyna getirdiler. Olar her sapar Isanyň nirededigini eşitseler, hassalaryny şol ýere getirip başladylar. |
| 56 |
| Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/mark/006.mp3
16
6