Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe Töwrat mugallymlary Isanyň daşyna üýşdüler. |
| 2 |
| Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler. |
| 3 |
| Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler. |
| 4 |
| Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar. |
| 5 |
| Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar. |
| 6 |
| Isa olara: « Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr. |
| 7 |
| Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“. |
| 8 |
| Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi. |
| 9 |
| Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz! |
| 10 |
| Musa: „Ata-eneňe hormat goý“, we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. |
| 11 |
| [11-12] Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“ (korban — „Hudaýa sadaka “ diýmegi aňladýar) diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz. |
| 12 |
| 13 |
| Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz». |
| 14 |
| Ol mähelläni ýene ýanyna çagyryp, olara: «Hemmäňiz Meni diňläň hem düşüniň. |
| 15 |
| [15-16] Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi. |
| 16 |
| 17 |
| Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. |
| 18 |
| Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi? |
| 19 |
| Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi. |
| 20 |
| Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr. |
| 21 |
| [21-22] Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar. |
| 22 |
| 23 |
| Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär» diýdi. |
| 24 |
| Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. |
| 25 |
| Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. |
| 26 |
| Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy. |
| 27 |
| Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. |
| 28 |
| Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. |
| 29 |
| Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. |
| 30 |
| Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi. |
| 31 |
| Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi. |
| 32 |
| Isanyň ýanyna ker hem peltek bir adamy getirip, onuň başyna elini goýmagyny sorap, Oňa ýalbardylar. |
| 33 |
| Isa ol adamy mähelläniň içinden bir çete çykaryp, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi. |
| 34 |
| Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi. |
| 35 |
| Ýaňky adamyň gulaklary şobada açylyp, dili dürs geplemäge başlady. |
| 36 |
| Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar. |
| 37 |
| Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/mark/007.mp3
16
7