Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: |
| 2 |
| «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. |
| 3 |
| Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi. |
| 4 |
| Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar. |
| 5 |
| Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler. |
| 6 |
| Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar. |
| 7 |
| Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy. |
| 8 |
| Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. |
| 9 |
| Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy. |
| 10 |
| Özi bolsa dessine şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta sebitlerine gitdi. |
| 11 |
| Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. |
| 12 |
| Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. |
| 13 |
| Isa olaryň ýanyndan gitdi we ýene gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi. |
| 14 |
| Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy. |
| 15 |
| Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi. |
| 16 |
| Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler. |
| 17 |
| Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy? |
| 18 |
| Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi? |
| 19 |
| Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler. |
| 20 |
| Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler. |
| 21 |
| Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi. |
| 22 |
| Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar. |
| 23 |
| Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. |
| 24 |
| Kör başyny galdyryp: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. |
| 25 |
| Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi. |
| 26 |
| Isa: «Oba girme » diýip, ony öýüne iberdi. |
| 27 |
| Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyndaky obalara gitdi. Ýolda Isa şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady. |
| 28 |
| Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de — pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. |
| 29 |
| Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesihsiň» diýip jogap berdi. |
| 30 |
| Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy. |
| 31 |
| Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady. |
| 32 |
| Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. |
| 33 |
| Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi. |
| 34 |
| Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. |
| 35 |
| Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. |
| 36 |
| Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? |
| 37 |
| Ynsan öz janyna derek näme berip biler? |
| 38 |
| Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly -da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/mark/008.mp3
16
8