Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler». |
| 2 |
| Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. |
| 3 |
| Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. |
| 4 |
| Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. |
| 5 |
| Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri — Saňa, biri — Musa, biri — Ylýasa» diýdi. |
| 6 |
| Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. |
| 7 |
| Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. |
| 8 |
| Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi. |
| 9 |
| Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. |
| 10 |
| Şägirtler Onuň bu sözüni ýüreklerinde saklap, ölümden direlmegiň näme aňladýandygy barada biri-birlerinden soraýardylar. |
| 11 |
| Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. |
| 12 |
| Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn. |
| 13 |
| Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi. |
| 14 |
| Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy. |
| 15 |
| Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler. |
| 16 |
| Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady. |
| 17 |
| Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady. |
| 18 |
| Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi. |
| 19 |
| Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. |
| 20 |
| Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. |
| 21 |
| Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. |
| 22 |
| Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi. |
| 23 |
| Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. |
| 24 |
| Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy. |
| 25 |
| Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi. |
| 26 |
| Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. |
| 27 |
| Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy. |
| 28 |
| Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. |
| 29 |
| Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi. |
| 30 |
| Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. |
| 31 |
| Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi. |
| 32 |
| Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular. |
| 33 |
| Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. |
| 34 |
| Emma olaryň hiç birinden ses çykmady, sebäbi ýolda biri-birleri bilen kimiň iň beýikdigi hakda jedelleşipdiler. |
| 35 |
| Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. |
| 36 |
| Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara: |
| 37 |
| «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi. |
| 38 |
| Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. |
| 39 |
| Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. |
| 40 |
| Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapymyzdadyr. |
| 41 |
| Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi. |
| 42 |
| Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar. |
| 43 |
| [43-44] Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr. |
| 44 |
| 45 |
| [45-46] Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr. |
| 46 |
| 47 |
| Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. |
| 48 |
| Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. |
| 49 |
| Hemmeler otda duzlanar. |
| 50 |
| Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/mark/009.mp3
16
9