Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bu aralykda halkdan müňlerçe adam üýşüşip, biri-birlerine gysylyşyp durkalar, Isa öňürti Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň. |
| 2 |
| Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. |
| 3 |
| Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz tamlaryň üstünden yglan ediler. |
| 4 |
| Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň. |
| 5 |
| Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. |
| 6 |
| Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar. |
| 7 |
| Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz. |
| 8 |
| Size diýýärin, kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. |
| 9 |
| Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler. |
| 10 |
| Kim Ynsan Ogluna garşy bir söz aýtsa, bagyşlanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyşlanmaz. |
| 11 |
| Sizi sinagogalara, başlyklaryň, hökümdarlaryň öňüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjegiňizi, näme diýjegiňizi gaýgy etmäň. |
| 12 |
| Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidigiňizi şol sagadyň özünde size öwreder». |
| 13 |
| Halaýygyň arasyndan biri Oňa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi. |
| 14 |
| Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi. |
| 15 |
| Onsoň olara: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. |
| 16 |
| Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. |
| 17 |
| Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok\ diýip içini gepledýär. |
| 18 |
| Onsoň şeýle diýýär: „Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap, |
| 19 |
| özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek\ diýerin. |
| 20 |
| Emma Hudaý oňa: „Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?\ diýýär. |
| 21 |
| Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir». |
| 22 |
| Onsoň Isa şägirtlerine şeýle nesihat berdi: «Şonuň üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janyňyzy, näme geýerkäm diýip teniňizi gaýgy etmäň. |
| 23 |
| Jan ― iýmitden, ten egin-eşikden ýokarydyr. |
| 24 |
| Gargalara serediň, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryň ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe gymmatlysyňyz! |
| 25 |
| Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz? |
| 26 |
| Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda nämä galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? |
| 27 |
| Liliýalaryň ösüşine serediň, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özüniň bütin şan-şöhratynda hem bularyň biri ýaly-da geýinmändi. |
| 28 |
| Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taşlanýan oty Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar! |
| 29 |
| Siz-de näme iýjegiňizi, näme içjegiňizi agtarmaň, gaýgy etmäň. |
| 30 |
| Çünki dünýäniň milletleri bularyň hemmesini agtarýarlar, Ataňyz hem bularyň size gerekdigini bilýär. |
| 31 |
| Hudaýyň patyşalygyny agtaryň, bu zatlaryň hem bary size onuň üstüne goşulyp berler. |
| 32 |
| Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy. |
| 33 |
| Nämäňiz bar bolsa satyň, sadaka beriň. Özüňize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe degýän däldir. |
| 34 |
| Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar». |
| 35 |
| Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. |
| 36 |
| Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň. |
| 37 |
| Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşap, olary saçak başynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder. |
| 38 |
| Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr. |
| 39 |
| Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy. |
| 40 |
| Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler». |
| 41 |
| Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýdi. |
| 42 |
| Reb şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? |
| 43 |
| Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly! |
| 44 |
| Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar. |
| 45 |
| Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler\ diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhoş bolmaga başlasa, |
| 46 |
| Ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlaryňky bilen deň eder. |
| 47 |
| Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler. |
| 48 |
| Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener. |
| 49 |
| Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin! |
| 50 |
| Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn! |
| 51 |
| Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünişik getirmäge geldim. |
| 52 |
| Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar. |
| 53 |
| Ata ogla garşy, ogul ata garşy, ene gyza garşy, gyz hem enä garşy, gaýynene gelne garşy, gelin hem gaýynenä garşy bolar». |
| 54 |
| Isa halaýyga hem şeýle diýdi: «Siz bir buludyň günbatardan galanyny gören badyňyza: „Ýagyş gelýär\ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. |
| 55 |
| Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak\ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. |
| 56 |
| Eý ikiýüzlüler! Ýeriň, Gögüň ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiňiz? |
| 57 |
| Näme üçin öz ýanyňyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiňiz? |
| 58 |
| Dawagäriň bilen häkime barýarkaň, ýolda onuň bilen ýaraşjak bol, ol seni kazynyň öňüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyň eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn. |
| 59 |
| Saňa aýdýaryn, soňkuja köpügiňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/012.mp3
24
12