Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Olar hem Ony göz astyna alýardylar. |
| 2 |
| Ine, suw ýygnanma keselli bir adam Onuň garşysyna geldi. |
| 3 |
| Isa kanunçylara, fariseýlere ýüzlenip: «Sabat güni şypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýdi. |
| 4 |
| Olar seslerini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adamy ýanyna çekip, ony sagaldyp goýberdi. |
| 5 |
| Onsoň olardan: «Sabat güni sizden biriniň eşegi ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» diýip sorady. |
| 6 |
| Olar bu soraglara jogap berip bilmediler. |
| 7 |
| Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir tymsal aýtdy: |
| 8 |
| Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn. |
| 9 |
| Seni çagyran gelip, saňa: „Ýeriňi muňa ber\ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, iň pes ýerde oturmaly bolarsyň. |
| 10 |
| Çagyrylanyňda, seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý dost! Töre geç\ diýer ýaly, baryp, iň pes ýerde otur. Onsoň saçak başynda özüň bilen oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. |
| 11 |
| Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler». |
| 12 |
| Onsoň Isa Özüni çagyrana şeýle diýdi: «Öýlänlik ýa-da agşamlyk naharyny bereňde dostlaryňy, doganlaryňy ýa garyndaşlaryňy, ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, öwezini dolar. |
| 13 |
| Zyýapat bereňde garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. |
| 14 |
| Olar saňa öwezini dolup bilmedikleri üçin, sen bagtly bolarsyň, çünki dogrularyň direlen wagty, saňa onuň öwezi berler». |
| 15 |
| Isa bilen bile saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende Oňa: «Hudaýyň patyşalygynda çörek iýjek ne bagtly!» diýdi. |
| 16 |
| Ol hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly zyýapat berip, birtopar adamy çagyrýar. |
| 17 |
| Nahar wagty bolanda çagyrylanlara: „Geliň, ähli zat taýýar\ diýip, hyzmatkärini iberýär. |
| 18 |
| Emma olaryň bary, dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Ilkinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, gidip şony görmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla\ diýýär. |
| 19 |
| Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, meni bagyşla\ diýýär. |
| 20 |
| Ýene biri: „Men ýaňy öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin\ diýýär. |
| 21 |
| Hyzmatkär gelip, bulary agasyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Tiz şäheriň köçelerine, ýollaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary, şu ýere getir\ diýýär. |
| 22 |
| Hyzmatkär: „Aga! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar\ diýýär. |
| 23 |
| Onsoň aga hyzmatkärine: „Ýollara, haýatlara bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýüm dolsun\ diýýär. |
| 24 |
| Size aýdýaryn, çagyrylan adamlaryň ýekejesi hem Meniň zyýapat naharymdan datmaz». |
| 25 |
| Uly märeke Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi: |
| 26 |
| Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. |
| 27 |
| Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. |
| 28 |
| Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?\ diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy? |
| 29 |
| Çünki binany tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa gülüp: |
| 30 |
| „Bu adam salmaga başlady welin, ýöne tamamlap bilmedi\ diýer. |
| 31 |
| Ýa-da bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. On müň esger bilen üstüme gelýän ýigrimi müňe garşylyk görkezmegi başararynmy diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy? |
| 32 |
| Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. |
| 33 |
| Şeýlelikde, siziň her biriňiz bar zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz. |
| 34 |
| Duz gowy zatdyr, ýöne ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? |
| 35 |
| Ol ne ýere, ne-de döküne ýarar, ony daşaryk zyňarlar. Gulagy barlar eşitsin!» |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/014.mp3
24
14