Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyň aýdýanlaryny diňlejek bolup, Onuň daşyna üýşüşýärdiler. |
| 2 |
| Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. |
| 3 |
| Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: |
| 4 |
| Sizden biriniň ýüz goýny bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýiteniň yzyndan gitmezmi? |
| 5 |
| Tapanda bolsa ony begenç bilen gerşine alyp, |
| 6 |
| öýüne geler. Onsoň dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym\ diýer. |
| 7 |
| Size aýdýaryn: şunuň ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan şatlykdan uly bolar». |
| 8 |
| Ýa-da bir aýalyň on sany kümüş puly bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi? |
| 9 |
| Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýitiren pulumy tapdym\ diýer. |
| 10 |
| Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar». |
| 11 |
| Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken. |
| 12 |
| Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber\ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär. |
| 13 |
| Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar. |
| 14 |
| Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar. |
| 15 |
| Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar. |
| 16 |
| Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär. |
| 17 |
| Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! |
| 18 |
| Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. |
| 19 |
| Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et\ diýeýin. |
| 20 |
| Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. |
| 21 |
| Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl\ diýýär. |
| 22 |
| Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň. |
| 23 |
| Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! |
| 24 |
| Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy\. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar. |
| 25 |
| Onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär. |
| 26 |
| Hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň nämedigini soraýar. |
| 27 |
| Ol hem oňa: „Doganyň geldi. Kakaň ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy\ diýýär. |
| 28 |
| Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbarýar. |
| 29 |
| Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men saňa hyzmat edýärin, seniň buýruklaryňa hiç haçan garşy çykamok. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şatlyk eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş hem bermediň. |
| 30 |
| Emma bütin baýlygyňy ahlaksyz aýallara ýoklan bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çalýarsyň\. |
| 31 |
| Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, meniň bar zadym seniňki. |
| 32 |
| Ýöne şatlyk edip, begenişmek gerek, çünki doganyň ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy\» diýýär. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/015.mp3
24
15