Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar\ diýip şikaýat edýärler. |
| 2 |
| Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň\ diýýär. |
| 3 |
| Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn. |
| 4 |
| Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin\. |
| 5 |
| Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?\ diýýär. |
| 6 |
| Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy\ diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz\ diýýär. |
| 7 |
| Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?\ diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý\ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz\ diýýär. |
| 8 |
| Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr. |
| 9 |
| Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň». |
| 10 |
| Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir. |
| 11 |
| Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar? |
| 12 |
| Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer? |
| 13 |
| Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz». |
| 14 |
| Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler. |
| 15 |
| Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir. |
| 16 |
| Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär. |
| 17 |
| Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr. |
| 18 |
| Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir». |
| 19 |
| Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken. |
| 20 |
| Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken. |
| 21 |
| Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken. |
| 22 |
| Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar. |
| 23 |
| Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär. |
| 24 |
| Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin\ diýýär. |
| 25 |
| Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň. |
| 26 |
| Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr\. |
| 27 |
| Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber. |
| 28 |
| Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin\. |
| 29 |
| Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar\ diýýär. |
| 30 |
| Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler\ diýýär. |
| 31 |
| Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar\». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/016.mp3
24
16