Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan zatlaryň gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyň gününe waý! |
| 2 |
| Bu çagalaryň biriniň günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanmak onuň üçin oňat bolardy. |
| 3 |
| Habardar boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe, toba etse, ony bagyşla. |
| 4 |
| Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyňa gelip: „Toba edýärin!\ diýse, ony bagyşla». |
| 5 |
| Resullar Rebbe: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdiler. |
| 6 |
| Reb şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!\ diýsediňiz, ol size gulak asar. |
| 7 |
| Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak başyna geç\ diýer? |
| 8 |
| Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň\ diýmezmi? |
| 9 |
| Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin. |
| 10 |
| Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik\ diýiň». |
| 11 |
| Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhediň boýy bilen gitdi. |
| 12 |
| Baryp bir oba girende, Oňa endamy pis açan on adam sataşdy. Olar daşda durup, |
| 13 |
| gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler. |
| 14 |
| Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar. |
| 15 |
| Olaryň biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp yzyna öwrüldi. |
| 16 |
| Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. |
| 17 |
| Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany? |
| 18 |
| Bu ýat adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?» |
| 19 |
| Onsoň oňa: «Tur, git, imanyň seni halas etdi» diýdi. |
| 20 |
| Fariseýler Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler, |
| 21 |
| ne-de „Ine, bu ýerde!\ ýa-da „Ine, ol ýerde!\ diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir». |
| 22 |
| Onsoň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz gelýär, ýöne ony görmersiňiz. |
| 23 |
| Size: „Ine, şu ýerde\ ýa-da „Ine, ol ýerde\ diýerler. Gitmäň, olaryň yzyna düşmäň! |
| 24 |
| Çünki ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar. |
| 25 |
| Ýöne Ol öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir. |
| 26 |
| Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. |
| 27 |
| Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy. |
| 28 |
| Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler. |
| 29 |
| Emma Lutuň Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy. |
| 30 |
| Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar. |
| 31 |
| Şol gün özi öýüň üçeginde bolup, zatlary öýüň içinde bolan adam olary aljak bolup, aşak inmesin. Şonuň ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin. |
| 32 |
| Lutuň aýalyny ýada salyň! |
| 33 |
| Kim janyny saklamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar. |
| 34 |
| Size aýdýaryn: ol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. |
| 35 |
| Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar. |
| 36 |
| Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar». |
| 37 |
| Oňa ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir» diýip jogap berdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/017.mp3
24
17