Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda hem Isa Öz şägirtlerine bir tymsal aýtdy: |
| 2 |
| Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken. |
| 3 |
| Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber\ diýýär. |
| 4 |
| Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Soň bolsa öz-özüne şeýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, |
| 5 |
| üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezet berýär\». |
| 6 |
| Reb şeýle diýdi: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň. |
| 7 |
| Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi? |
| 8 |
| Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?» |
| 9 |
| Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly aýtdy: |
| 10 |
| Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken. |
| 11 |
| Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin. |
| 12 |
| Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin\. |
| 13 |
| Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!\ diýýär. |
| 14 |
| Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler». |
| 15 |
| Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirýärdiler. Şägirtleri muny görenlerinde olara käýediler. |
| 16 |
| Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr. |
| 17 |
| Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez». |
| 18 |
| Bir başlyk Ondan: «Ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. |
| 19 |
| Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. |
| 20 |
| Sen tabşyryklary bilýänsiň: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ataňy, eneňi syla». |
| 21 |
| Ol: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. |
| 22 |
| Isa muny eşidende oňa: «Seniň ýene bir zadyň kem. Nämäň bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, Meniň yzyma düş» diýdi. |
| 23 |
| Ol bu sözleri eşidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanaşa baýdy. |
| 24 |
| Isa onuň tukatlygyny görüp, şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin! |
| 25 |
| Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi, barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr». |
| 26 |
| Muny eşidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler. |
| 27 |
| Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi. |
| 28 |
| Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi. |
| 29 |
| Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-uşagyny taşlap, |
| 30 |
| bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýaşaýşy almajak ýokdur». |
| 31 |
| Isa on iki şägirdi çete çekip, şeýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryň hemmesi berjaý bolar! |
| 32 |
| Çünki Ol milletlere tabşyrylar. Olar Oňa gülerler, masgaralarlar, Onuň üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler. |
| 33 |
| Ýöne ölenden üç günden soň Ol direler». |
| 34 |
| Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenipdi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler. |
| 35 |
| Isa Eriha golaýlanda, ýoluň kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. |
| 36 |
| Ol halaýygyň gapdalyndan geçip barýanyny eşidip: «Bu näme?» diýip sorady. |
| 37 |
| Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. |
| 38 |
| Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. |
| 39 |
| Öňden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, ýöne ol öňküden hem gaty: «Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. |
| 40 |
| Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan: |
| 41 |
| «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi. |
| 42 |
| Isa oňa: «Gözüň görsün! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi. |
| 43 |
| Onuň gözleri derrew görensoň, Hudaýy şöhratlandyrdy-da, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkyş okady. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/018.mp3
24
18