Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa Eriha girip, onuň içinden geçip barýardy. |
| 2 |
| Ine, ol ýerde baş salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy. |
| 3 |
| Zakkaý Isanyň kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady. |
| 4 |
| Şeýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öňe geçdi-de, bir ýabany injir agajynyň üstüne çykdy, çünki Isa şol ýoldan gelýärdi. |
| 5 |
| Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş, çünki Men bu gün seniň öýüňde galmaly» diýdi. |
| 6 |
| Ol hem tiz aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi. |
| 7 |
| Halaýyk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başladylar. |
| 8 |
| Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi. |
| 9 |
| Isa oňa şeýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyň ogullarynyň biri. |
| 10 |
| Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir». |
| 11 |
| Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyň Patyşalygy tiz görner diýip güman edýärdi. |
| 12 |
| Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär. |
| 13 |
| Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň\ diýip, on mina pul berýär. |
| 14 |
| Emma ildeşleri ony ýigrenýän eken. Onuň yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyň biziň üstümizden patyşalyk etmegini islemeýäris\ diýýärler. |
| 15 |
| Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, kimiň näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar. |
| 16 |
| Birinjisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Seniň bir minaň ýene on mina gazandy\. |
| 17 |
| Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin, on şähere häkim bol\ diýýär. |
| 18 |
| Ikinjisi gelip: „Aga! Seniň bir minaň ýene bäş mina gazandy\ diýýär. |
| 19 |
| Muňa hem: „Sen-de bäş şähere häkim bol\ diýýär. |
| 20 |
| Onsoň beýlekisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Ine, seniň bir minaň, men ony elýaglyga düwüp sakladym. |
| 21 |
| Çünki hyrsyz adamdygyň üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyňy alýarsyň, ekmedigiňi orýarsyň\. |
| 22 |
| Agasy oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyň bilen höküm ederin! Sen meniň hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň? |
| 23 |
| Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul işledýänlere bermediň?\ |
| 24 |
| Onsoň ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyň-da, on minala beriň\. |
| 25 |
| Oňa: „Aga, onuň özünde on mina bar!\ diýýärler. |
| 26 |
| Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. |
| 27 |
| Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň\». |
| 28 |
| Isa bulary aýdyp bolansoň, öňe düşüp, Iýerusalime tarap ugrady. |
| 29 |
| Zeýtun diýen dagyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, şägirtlerinden ikisini ýollap, şeýle diýdi: |
| 30 |
| Öňüňizdäki oba baryň. Oba gireniňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Şony çözüň-de, alyp geliň. |
| 31 |
| Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?\ diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek\ diýiň». |
| 32 |
| Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar. |
| 33 |
| Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. |
| 34 |
| Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. |
| 35 |
| Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. |
| 36 |
| Ol gidip barýarka, halk öz eginbaşlaryny ýola düşeýärdi. |
| 37 |
| Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriň bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. |
| 38 |
| Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler. |
| 39 |
| Halaýygyň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňe käýe!» diýdiler. |
| 40 |
| Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi. |
| 41 |
| Isa Iýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp aglady. |
| 42 |
| Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin. |
| 43 |
| Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar. |
| 44 |
| Seni, içiňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň». |
| 45 |
| Onsoň Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady. |
| 46 |
| Olara: «„Meniň öýüm doga öýüdir\ diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz» diýdi. |
| 47 |
| Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Baş ruhanylar, kanunçylar we halkyň baştutanlary bolsa Ony heläk etmegiň küýündediler. |
| 48 |
| Ýöne munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onuň agzyna garaýardy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/019.mp3
24
19