Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy. |
| 2 |
| Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy. |
| 3 |
| Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler. |
| 4 |
| Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi. |
| 5 |
| Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady. |
| 6 |
| Olar Beýtullahamdakalar, Meremiň dogurmaly güni-sagady geldi. |
| 7 |
| Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy. |
| 8 |
| Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. |
| 9 |
| Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. |
| 10 |
| Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: |
| 11 |
| Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. |
| 12 |
| Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz». |
| 13 |
| Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: |
| 14 |
| «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!» |
| 15 |
| Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň» diýişdiler. |
| 16 |
| Şeýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. |
| 17 |
| Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. |
| 18 |
| Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar. |
| 19 |
| Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy. |
| 20 |
| Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler. |
| 21 |
| Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezden öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar. |
| 22 |
| Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr. |
| 23 |
| Ýene Rebbiň kanunynda aýdylyşyna görä, olar |
| 24 |
| bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler. |
| 25 |
| Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy we Mukaddes Ruh onuň üstündedi. |
| 26 |
| Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy. |
| 27 |
| Ol Ruhuň ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyň ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde, |
| 28 |
| Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: |
| 29 |
| Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber. |
| 30 |
| Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan, |
| 31 |
| milletleri ýagtyltjak yşygyňy, |
| 32 |
| halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi». |
| 33 |
| Ýusup bilen çaganyň enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar. |
| 34 |
| Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme şeýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köpleriň ýykylmagy we galmagy üçin, çekişmeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir. |
| 35 |
| Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar ýaly, seniň hem janyňa bir gylyç sokular». |
| 36 |
| Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap, |
| 37 |
| indi bolsa ýaşy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy. |
| 38 |
| Ol hem edil şol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi. |
| 39 |
| Ýusup bilen Merem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar. |
| 40 |
| Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi. |
| 41 |
| Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler. |
| 42 |
| Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler. |
| 43 |
| Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler. |
| 44 |
| Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar. |
| 45 |
| Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. |
| 46 |
| Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi. |
| 47 |
| Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. |
| 48 |
| Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi. |
| 49 |
| Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi. |
| 50 |
| Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler. |
| 51 |
| Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy. |
| 52 |
| Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/002.mp3
24
2