Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Olaryň mejlisindäkileriň ählisi turup, Isany Pilatusyň huzuryna eltdiler-de: |
| 2 |
| «Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular. |
| 3 |
| Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» Isa jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr». |
| 4 |
| Onsoň Pilatus baş ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. |
| 5 |
| Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler. |
| 6 |
| Pilatus muny eşidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady. |
| 7 |
| Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, çünki şol günlerde onuň özi hem Iýerusalimde bolýardy. |
| 8 |
| Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar eşidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy. |
| 9 |
| Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. |
| 10 |
| Baş ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar. |
| 11 |
| Onsoň Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyň ýanyna iberdi. |
| 12 |
| Şol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda duşmançylyk bardy. |
| 13 |
| Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip, |
| 14 |
| olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. |
| 15 |
| Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok. |
| 16 |
| Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak». |
| 17 |
| Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy. |
| 18 |
| Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. |
| 19 |
| Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy. |
| 20 |
| Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. |
| 21 |
| Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. |
| 22 |
| Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. |
| 23 |
| Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy. |
| 24 |
| Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi. |
| 25 |
| Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi. |
| 26 |
| Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler. |
| 27 |
| Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler. |
| 28 |
| Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň. |
| 29 |
| Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!\ diýiljek günler geler. |
| 30 |
| Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!\ Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!\ diýerler. |
| 31 |
| Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?» |
| 32 |
| Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar. |
| 33 |
| Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. |
| 34 |
| Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar. |
| 35 |
| Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler. |
| 36 |
| Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip: |
| 37 |
| «Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler. |
| 38 |
| Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy. |
| 39 |
| Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi. |
| 40 |
| Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy? |
| 41 |
| Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok». |
| 42 |
| Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi. |
| 43 |
| Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi. |
| 44 |
| Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi. |
| 45 |
| Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. |
| 46 |
| Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi. |
| 47 |
| Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi. |
| 48 |
| Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar. |
| 49 |
| Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler. |
| 50 |
| Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy. |
| 51 |
| Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy. |
| 52 |
| Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. |
| 53 |
| Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. |
| 54 |
| Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy. |
| 55 |
| Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler. |
| 56 |
| Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/023.mp3
24
23